Gizlinlik syýasaty

Çarhypelek hiç hili şahsy maglumat ýygnamaýar

Soňky üýtgeşme: 30.10.2026

Oýun internetsiz işleýär. Hasap açmak, adyňy ýa-da telefon belgiňi bermek gerek däl. Mahabat, analitika we yzarlaýjy ýok.

Telefonda näme saklanýar?

Teňňeleriň, Günüň sözündäki netijeleriň we yzygiderligiň, bezegleriň we oýnalan sözleriň diňe telefonyňda saklanýar. Olar hiç ýere iberilmeýär. Oýny telefonyňdan pozsaň, bu maglumatlar hem pozulýar.

Ýalňyşlyk hasabaty

Oýun duýdansyz ýapylsa, telefonyň özünde gysga hasabat ýazylýar. Indiki gezek oýny açanyňda, ony «Paýlaş» bilen islän adamyňa iberip bilersiň ýa-da «Gerek däl» diýip bilersiň. Özüň paýlaşmasaň, hasabat hiç ýere gitmeýär. Hasabatda diňe telefonyň görnüşi we oýnuň tehniki maglumaty bar.

Täze wersiýany barlamak

Göni ýüklenen APK wersiýasy, internet bar wagty, günde bir gezek täze wersiýanyň bardygyny barlaýar. Munuň üçin ol kiçijik faýl ýükleýär we hiç hili şahsy maglumat ibermeýär. Islendik saýta girlende bolşy ýaly, şol faýly saklaýan serwer telefonyň IP salgysyny görýär; biz ony ulanmaýarys.

Google Play we App Store wersiýalary interneti asla ulanmaýar.

Bu saýt

carhypelek.app hem maglumat ýygnamaýar: kuki faýllary we analitika ýok. Sahypadaky synag oýny diňe brauzeriňde işleýär we hiç zat ýatda saklamaýar. Saýt Cloudflare arkaly açylýar; sahypany saňa ibermek üçin Cloudflare IP salgyňy görýär.

Çagalar

Oýun ähli ýaşdakylar üçin. Hiç kimden, şol sanda çagalardan hem, maglumat ýygnalmaýar.

Üýtgeşmeler

Geljekde onlaýn mümkinçilikler (meselem, Reýting) goşulsa, bu syýasat olardan öň täzelener. Täze görnüşi şu sahypada çap ediler.

Habarlaşmak

Gizlinlik barada soragyň bolsa, info@carhypelek.app salgysyna ýaz.

Privacy policy, in English

Çarhypelek collects no personal data. Last updated 30 October 2026.

The game works offline. There are no accounts, ads, analytics or trackers.