Ulanyş şertleri

Mugt oýun, sada düzgünler

Soňky üýtgeşme: 06.11.2026

Çarhypelek mugt: onda mahabat ýok we satyn alyp bolýan zat ýok. Oýny ýükläp ýa-da oýnap, sen şu şertlere razy bolýarsyň. Maglumatlaryň nähili ulanylýandygy Gizlinlik syýasatynda ýazylan.

Oýny kim çykarýar?

Çarhypelegi Aşgabatdaky «Ajap Ulgam» HK çykarýar. Bu şertlerde «biz» diýlende şol kärhana göz öňünde tutulýar. Salgymyz: info@carhypelek.app.

Teňňeler we bezegler

Teňňeler oýnap gazanylýar we diňe oýnuň içinde çarh bezeglerine harçlanýar. Teňňeler pul däl: olary pula satyn alyp, satyp ýa-da başga zada çalşyp bolmaýar. Oýny telefonyňdan pozsaň, teňňeleriň we bezegleriň hem pozulýar.

Oýny ýüklemek we paýlaşmak

Oýny Google Play-den, App Store-dan ýa-da şu saýtdan ýükläp bilersiň. APK faýlyny dostlaryňa we garyndaşlaryňa paýlaşyp bilersiň, ýöne diňe üýtgetmän we mugt. Faýly üýtgetmek, oňa başga zat goşmak ýa-da ony satmak bolmaýar. Ygtybarly nusgany diňe şu saýtdan, Google Play-den we App Store-dan alyp bolýar.

App Store-dan alnan oýna Apple-yň adaty ulanyjy ylalaşygy (EULA) hem degişli.

Adyň we toparlaryň

Reýting we Onlaýn üçin özüňe at saýlaýarsyň. Ony beýleki oýunçylar görýär, toparyň adyny bolsa onuň agzalary görýär. Adyňda we toparyň adynda şular bolmaly däl:

Atlara şikaýat edip bolýar, şikaýat edilen atlary adam barlaýar. Düzgüne laýyk gelmeýän ady aýyrýarys we senden täze at saýlamagyňy soraýarys. Düzgünleri gaýta-gaýta bozýan hasaby pozup bileris.

Dogruçyl oýna

Reýting we Onlaýn hemmeler üçin adalatly bolmaly. Şonuň üçin oýna ýa-da serwere hile etmek bolmaýar: netijäni aldaw bilen ýokarlandyrmak, seniň ýeriňe programma oýnatmak, serweriň işine päsgel bermek. Şeýle hasabyň netijelerini Reýtingden aýyryp ýa-da hasaby pozup bileris.

Oýnuň mazmuny

Oýnuň programmasy, sözler we nakyllar toplumy, suratlary we sesleri bize degişli ýa-da rugsat bilen ulanylýar. Olary oýnuň daşynda göçürip ýaýratmak, satmak ýa-da başga programmada ulanmak bolmaýar. Oýundan ekran suratlaryny we netijeleriňi islän ýeriňde paýlaşyp bilersiň.

Kepillik

Oýny bolşy ýaly hödürleýäris. Ony gowulandyrmaga çalyşýarys, ýöne onuň hemişe ýalňyşsyz işlejekdigine ýa-da serweriň hemişe elýeterli boljakdygyna kepil geçip bilmeýäris. Oýnuň bölümlerini üýtgedip, täzesini goşup ýa-da aýyryp bileris. Teleoýun, Bir telefonda we Günüň sözi serwersiz hem işleýär.

Jogapkärçilik

Kanunyň rugsat berýän çäginde, oýny ulanmakdan ýüze çykan zyýan üçin jogapkärçilik çekmeýäris. Bu şertler ýurduňyň kanunlarynyň saňa berýän hukuklaryny çäklendirmeýär.

Oýnamagy bes etmek

Islän wagtyň oýnamagy bes edip bilersiň. Hasabyň bar bolsa, ilki ony oýnuň içinden poz: Sazlamalar → Profili poz, soň oýny telefonyňdan poz. Giňişleýin: Hasabyňy pozmak.

Üýtgeşmeler

Bu şertleri üýtgetsek, täze görnüşini şu sahypada çap ederis we ýokardaky senäni täzeläris. Üýtgeşmeden soň oýnamagy dowam etseň, täze şertlere razy bolýarsyň.

Habarlaşmak

Soragyň bolsa, info@carhypelek.app salgysyna ýaz.

Terms of service, in English

A free game with simple rules. Last updated 6 November 2026.

Çarhypelek is free, with no ads and nothing to buy. By downloading or playing it you agree to these terms. How your data is used is in the privacy policy.